icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

06 awgust 2025

1134

Awazada Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi.

Türkmen tarapynyň guran çäresine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar Hazar deňzinde ekologik howpsuzlygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek, Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak we çeşmelerinden rejeli peýdalanmak baradaky düşünjelerini paýlaşdylar. Hazar deňiziniň suwunyň derejesiniň pese düşmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň sammitlerinde kabul edilen çözgütlere we ylalaşyklara laýyklykda özara gatnaşyklary utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Hazar deňziniň daşky gurşaw bilen bagly meselelerini çözmekde Türkmenistanyň işjeň garaýşyna üns çekildi.

Türkmenistanyň Hazar meselesi boýunça alyp barýan işjeň syýasaty aýratyn nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde öňe süren Hazaryň ekologik başlangyjyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bellenildi.

Duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary Hazaryň meseleleri boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge ygrarlylyklaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi