icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

06 awgust 2025

1778

Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasy bitaraplyk syýasatynyň netijeli häsiýetini belleýärler

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Döwlet sekretary Jozef Şellhornyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, hususan-da syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bitaraplygyň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellediler. Şu nukdaýnazardan, şu ýyl Awstriýanyň we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 70 we 30 ýyllygynyň ýubileý senelerine gabat gelendigi nygtaldy.

Diplomatlar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji maslahatynyň Awstriýada geçirilendigi bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi