icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

07 awgust 2025

2675

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň wekiliýetiniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşandygy üçin amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Wekiliýetiň LLDC3-e gatnaşmagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenildi.

Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýylyň dowamynda syýasy geňeşmeleri geçirmäge gyzyklanma bildirildi.

Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän goşmaça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi