14 awgust 2025
3697
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwletara gatnaşyklaryň geljekki ösüşinde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň wajyplygy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýakyn geljekde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerdäki duşuşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Başga habarlar
02
Oct
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
01
Oct
Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara ülňilerine we kadalaryna syn bermäge bagyşlanan duşuşyk
30
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
30
Sep
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
30
Sep
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
Ähli habarlary görmek