icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

25 awgust 2025

2758

Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Pakistanyň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň möhümdigini bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykdan soň taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag we energetika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi