icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

05 sentýabr 2025

4428

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory jenap Amakawa Kazuhikonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Iň ýokary derejede ýola goýlan açyk we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýändigi nygtaldy.

Hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistan bilen JBIC-iň arasynda toplanan oňyn tejribe kanagatlanma bilen bellenildi. Ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasynda durmuşa geçirilýän hem-de nebitgaz, elektroenergetika we himiýa pudaklarynda iri desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, ýapon tarapy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmasyny beýan etdi we iri milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi