06 sentýabr 2025
6146
BMG-niň edaralarynyň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt maksatnamalary tassyklanyldy
2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji yzygider mejlisleri geçirildi.
Mejlisleriň netijeleri boýunça 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt boýunça maksatnamalaýyn resminamalar tassyklanyldy.
Bu maksatnamalaryň konsepsiýalary türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Resminamalara laýyklykda, indiki bäş ýylda BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň we UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda degişli ugurlar boýunça taslamalar we çäreler amala aşyrylar.
Başga habarlar
04
Noý
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
04
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
04
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
04
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
Ähli habarlary görmek