icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

16 sentýabr 2025

2456

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Talal Abdulsalam Al Ansari bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň, şeýle hem köpugurly halkara platformalarynyň çäklerindäki duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meseleleri hem-de ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi