icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

16 sentýabr 2025

2127

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň hem-de UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen UNFPA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Ikinji yzygider mejlisinde 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen UNFPA-nyň Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynyň tassyklanandygy aýratyn bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda bilelikdäki ylalaşyklary we meýilnamalary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt boýunça maksatnamanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi