icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

20 sentýabr 2025

2540

Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň ähmiýetini belledi.

Hususan-da, ýakynda Aşgabat şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisine aýratyn üns berildi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň hem-de sebitleriň we paýtagtymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm meseleleri girizildi.

Şeýle hem mejlisde ýurduň daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Bu babatda R.Meredow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň öňünde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň durýandygyny aýratyn belledi.

Soňra R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanyny okady we Daşary işler ministrliginiň işgärlerine «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi