icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 noýabr 2017

822

Pakistanda “Türkmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi dabaralar jaýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilen gününe bagyşlanyp gurnalan sergide Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň peşgeş beren “Türkmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Agzalan çärä Pakistanyň Meýilnamalaşdyryş toparynyň başlygynyň orunbasary Sartaj Aziz, Pakistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Tahmina Janjua, Pakistanyň Milli Assambleýasynyň halkara parlamentara gatnaşyklarynyň komitetiniň başlygy Mahdum Khusro Bahtiýar, Pakistanyň Senatynyň Daşary işler boýunça Komitetiniň başlygy Nuzhat Sadik, Pakistanda akkreditirlenen daşary ýurtly Ilçiler we diplomatlar, tanymal alymlar şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Sartaj Aziz, Tahmina Janjua, Mahdum Khusro Bahtiýar hem-de Nuzhat Sadik dagylar çykyş edip, YHG-ň alyp barýan wezipeleri we sebitdäki ähmiýeti barada öz pikirlerini paýlaşdylar.

Soňra serginiň açylyş dabarasy boldy. Serginiň geçirilýän ýerinde  Ilçihana tarapyndan taýýarlanan künjeginde Beýik Ýüpek ýolynyň ägirt uly taryhy miras bolup durýandygy, onuň merkezi logistika düzümi biziň Watanymyzda gaýtadan dikeldilýändigi, halklaryň we ýurtlaryň özara ýa- kynlaşmagy üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat edýändigi, olaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, ýurtlaryň, sebitleriň we tutuş yklymlaryň arasynda özara düşünişilmegine hem-de hyzmatdaşlyga, özara gatnaşyklaryň ygtybarly binýatlarynyň kemala gelmegine ýardam berýändigi barada giňden beýan edilip, “Türkmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň ahyrynda gelen myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi