icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 dekabr 2017

740

Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan brifing

2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik Wekilhanasynyň jaýynda Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň            10- ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge BMG-niň Baş Sekretarynyň syýasy meseleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, Ilçiler, Hemişelik wekiller we BMG-niň ýanyndaky wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Brifingde Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň,Özbegistanyň, Azerbaýjanyň Hemişelik wekilleri we  BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik Wekili Ýelena Panowa çykyş etdiler.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň depginli ösüşiniň aýdyň görkezijileriniň biri hem Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatsöýüjilikli ugrunyň netijesinde onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagy we berkemegi bellenilip geçildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda “Halkara Bitaraplyk güni” Rezolýusiýasyny we şol ýylyň noýabr aýynda bolsa BMG- nyň agza ýurtlarynyň giň goldawyna eýe bolan “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň orny” atly Rezolýusiýasyny kabul etdi.

BMG-niň Baş Sekretarynyň syýasy meseleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença öz çykyşynyň dowamynda ýurduň daşary syýasat ugrunyň özeni bolup durýan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara hukugynyň we diplomatiýanyň berk ýörelgelerini, şeýle hem parahatçylyk dörediji gepleşigiň tejribesini we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen giň göwrümli başlangyçlaryň amala aşyrylmagyny özünde jemleýändigini belledi. Bu ýörelgelere eýerip, Türkmenistan iş ýüzünde bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, goňşuçylygyň onuň daşary syýasatynyň özeni bolandygyny we bolýandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň durnukly energetika we ulag, tebigaty goramakdaky we ekologiýa, saglygy goraýyş we sport  ulgamlardaky giň göwrümli  taslamalary amala aşyrmakdaky orny aýratyn bellenip geçildi. Şu günki gün Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýa Türkmenistanyň mysalynda bitewi dünýäniň aktual meselerini saklamakda we berkitmekde düýpli esaslaryň, durnuklylygyň, howpsyzlygyň  bölünmez birligini görkezýär.

Şu ýyl Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň açylmagyna 10 ýyl dolýar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi BMG-niň parahatçylyk döredijijilik işinde özboluşly gurluş bolup durýar.

Brifingiň dowamynda çykyş edenler BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň sebitiň ýurtlaryna jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmeginde kuwwatlaryny artdyrmaga we dawallaryň gepleşikler ýoly we halkara goldawyny gazanmak bilen çözülmegine, serhetüsti guramaçylykly jenaýatlar, şol sanda terrorizm, dini ekstremiz we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde ýardam berýändigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi