icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

09 oktýabr 2025

2435

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary bilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Baş syýasy sekretary Datuk Seri Şamsul Iskandar Mohd Akiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar birek-birege hormat goýmak we özara gyzyklanmalary nazarda tutmak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny geljekde işjeňleşdirmek babatda pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda pikir alyşdylar, munda maýa goýum ulgamy ileri tutulýan ugur hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň üstünlikli geçirilendigini bellediler. Nebitgaz ulgamyna, şol sanda Türkmenistanyň Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, hususan-da bilim we syýahatçylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine hem seredip geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi