icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

09 oktýabr 2025

2109

Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda GDA döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara meselelerine seredip geçdiler. Gatnaşyjylar Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara we söwda-ykdysady kooperasiýanyň ösüş meselelerine, sanly, ulag-üstaşyr we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi.

Şeýle-de mejlise gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri babatda pikir alyşdylar.

Taryhy-medeni mirasyň ýadyýgärliklerini gorap saklamak, ulanmak, muzeý we kitaphana işini kämilleşdirmek, teatr we saz sungatyny goldamak, kinematografiýany ösdürmek hem-de medeniýet ulgamy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak meselelerine hem aýratyn üns berildi.

Daşary işler ministrleriniň geňeşi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Daşary işler ministrlikleriniň arasynda köpderejeli geňeşmeleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasyny tassyklady.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Kaliningradda geçirmek meýilleşdirilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi