icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

17 oktýabr 2025

2331

Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we gepleşikleriň möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ikitaraplaýyn çäreleriň, şol sanda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň sebit we halkara formatlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi