icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

23 oktýabr 2025

2060

Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al-Zaýaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

Ministrler iki döwletiň arasynda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi