icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

31 oktýabr 2025

2543

Türkmen wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisine gatnaşýar

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabry – 13-nji noýabry aralygynda Samarkant şäherinde geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESCO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisine Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Maslahatyň açylyş dabarasyna ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew we Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow gatnaşdy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, bölümçelerde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, parahatçylygy we jemgyýetçilik bitewiligini berkitmek, sanly eýýamda medeniýetleri birleşdirmek, durnukly syýahatçylygy we mirasy gorap saklamagy ösdürmek, şeýle hem milli toparlaryň arasynda gatnaşyklary we tejribe alşygyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işiniň möhüm ugurlaryny we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işine işjeň gatnaşmagynyň halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga hem-de bilim, ylym, medeniýet we aragatnaşyk ýaly ugurlarda umumy maksatlary ilerletmäge goşant goşýandygy nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi