icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

04 noýabr 2025

3204

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen ugrady

2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky Sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi