icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

12 noýabr 2025

1439

Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Niger Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Seýdu Zatu Alynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Niger Respublikasynyň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ymtylmasyny tassykladylar.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Niger Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi