icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

14 noýabr 2025

1690

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministri Oana Toýunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Telefon söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine hem garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi