icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

20 noýabr 2025

1265

Türkmenistanyň DIM-de konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleriniň ikinji tapgyry geçirildi.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy D.Muratow, gruzin wekiliýetine bolsa, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk we diaspora meseleleri boýunça halkara hukugy müdirliginiň direktory G.Tabatadze ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda konsullyk-hukuk we migrasiýa ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi.

Taraplar raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, ygtyýarlykly döwlet edaralaryň arasynda maglumatlary alyşmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem konsullyk işine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Konsullyk gulluklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidilmegine we ösdürilmegine bolan özara gyzyklanma beýan edildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekilip, nobatdaky geňeşmeleri Gruziýada geçirmek barada ylalaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi