icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img
img
img

21 noýabr 2025

2183

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi öz işine başlady

2025-nji ýylyň 21-nji noýabryň Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler girizildi.

Toparyň ýolbaşçylary özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki tarap hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmagy maksat edinýärler.

Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlaryna aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ýurdumyzyň halkara arenasynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde artýan abraýynyň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Bilelikdäki taslamalaryň dürli ugurlar boýunça durmuşa geçirilmeginiň iki tarapyň hem bähbidine hyzmat etjekdigi bellenildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisi 21-nji noýabrda öz işini dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi