icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 dekabr 2017

881

Nýu-Ýorkda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy gurnaldy. 

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi A. Ataýewa öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby Türkmenistanyň taryhy tejribesine, parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, türkmen halkynyň ruhy mirasyny hormatlamaga, onuň sebit we umumadamzat integrasiýasyna we ösüşine gönükdirilen häzirki zaman ösüşiniň konsepsiýasyny görkezýär, diýip belledi.

Kitapda häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça yklymtara ulag hyzmatdaşlygyny döretmekde Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini öz gezeginde giňden açyp görkezýän Günortadan Demirgazyga, Gündogardan Günbatara gidýän ýollaryň kartasy ýerleşdirilen diýip, Ilçi nygtady. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda ähli ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça  ägirt uly möçberli gurluşyk taslamalary amala aşyrylýar. Ýokarda agzalanlaryň ählisi Beýik Ýüpek ýoluny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge ýardam berýär.  

Çärä BMG-niň agza döwletleriniň hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi