icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

26 noýabr 2025

1586

Türkmenistanyň we Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Sering Modu Njaýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Gambiýa Respublikasynyň Wise-prezidenti Muhammed Jallowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşandygy nygtaldy.

Taraplar işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyň guramaçylygyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi