icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

26 noýabr 2025

1849

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, olaryň ýokary derejedäki ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli syýasy dialogyň esasynda pugtalanýandygyny bellediler.

Türkmen-saud gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gün tertibiniň möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler halkara we sebit derejedäki köptaraplaýyn düzümlerde, şol sanda BMG-niň we YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

Gepleşiklerde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine aýratyn orun berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi