icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

09 dekabr 2025

125

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.

Kaha Imnadze wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna BMG-de ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde döwletimiziň uly goşandyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar.

türkmen halkynyň Milli Lideri şanly seneler mynasybetli ýurtda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilendigini belläp, ýakynda Aşgabatda dünýäniň köp ýurdundan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň şu ýylyň esasy wakasyna öwrüljekdigini aýtdy hem-de bu forumyň halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

Kaha Imnadze şeýle giň gerimli forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň mysalydygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylygy goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini aýtdy hem-de olaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu ýubileý sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornuny belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidentine sebit merkeziniň işine berýän yzygiderli goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi