icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

12 dekabr 2025

842

Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Býurosynyň we mynasyp zähmet meseleleri boýunça tehniki goldaw toparynyň direktory Mihail Puşkin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Halkara maslahata HZG-niň wekili hanym Çidi King hem gatnaşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljek ýylda ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara düzümler bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi