icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

12 dekabr 2025

746

Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Bitaraplygyň 30 ýyllygy” binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi.

Tegelek binagärlik toplumy hökmünde gurlan bu özboluşly bina ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr.

Desganyň bitewüligiň we yzygiderli dialogyň nyşany hökmünde tegelek daşky binagärlik keşbi halkany emele getirýän baýdak sütünleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bitaraplyk binasynyň bezeginde Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň we nyşanynyň reňkleri bolan ak hem-de gök reňkler agdyklyk edýär.

Ak reňk parahatçylygy, açyklygy, hoşmeýilli erki alamatlandyrsa, gök reňk ählumumy jebisligi, Türkmenistanyň halkara giňişlikde işjeň öňe sürýän öňüni alyş diplomatiýasyny beýan edýär.

Çärä Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly myhmanlaryň giň wekilçilikli düzümi gatnaşdy.

Şeýle hem Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Mejlisiniň wekilleri, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Şol gün Söwda-senagat edarasynda bu şanly senä bagyşlanan sergi guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi