icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

12 dekabr 2025

540

Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşylady. Myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.

Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Gazagystan Respublikasy we onuň doganlyk halky tarapyndan türkmen Bitaraplygyna hem-de türkmen halkyna goýulýan belent hormatdan nyşandyr.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek, dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde duran halkara forumyň uly ähmiýetini nygtady.

“Şoňa görä-de, Halkara Bitaraplyk gününde we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi bellenilýän baýramçylyk gününde Aşgabat forumyna gatnaşmak meniň üçin belent abraý we uly hormatdyr” diýip, Prezident Kasym Žomart-Tokaýew aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça häzirki ösüşine üns çekildi. Türkmenistan we Gazagystan özara gatnaşyklary ösdürmek üçin häzire çenli kabul edilen döwletara ylalaşyklaryň we beýleki degişli resminamalaryň ýerine ýetirilmegine ygrarlydyrlar.

Söhbetdeşler türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi