icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

12 dekabr 2025

74

Gahryman Arkadagymyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ÝHHG-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistan tarapyndan parahatçylygy ilerletmek boýunça uly işleriň bitirilendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ÝHHG-niň Baş sekretaryny mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwerlik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm syýasy waka hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy anyk ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi