icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 dekabr 2025

78

Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, ýurdumyza gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýokary wekilçilikli forumyň işine gatnaşmagy özbek tarapynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändiginiň güwäsidir.

Goňşy ýurduň döwlet Baştutany bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň, türkmen Bitaraplygynyň nusgalyk häsiýete eýediginiň aýdyň görkezijisi bolup durýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýtdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyna ünsi çekip, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygyny hem-de onuň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, sebitara gatnaşyklary we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi