icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 dekabr 2025

53

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gruziýanyň Premýer-ministriniň gepleşikleri

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Premýer-ministrini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäniň bu forumyň işine gatnaşmagynyň onuň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň, parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändiginiň görkezijisi bolup durýandygyny aýtdy.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu maslahatyň türkmen topragynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň subutnamasydygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň, BMG tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda geçiriljek halkara forumyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak babatda pikir alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we netijeli strategik çemeleşmeleri öňe sürmek üçin giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Ýokary derejedäki yzygiderli syýasy gatnaşyklar muňa uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Awazada guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri bilen geçiren gepleşikleriniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi