icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 dekabr 2025

57

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen gepleşikleri geçirdi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we olaryň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de belent mertebeli myhman Eswatininiň Patyşasy Mswati III-niň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Eswatininiň Patyşasyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, belent mertebeli myhmana paýtagtymyzda geçiriljek halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu bolsa Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda dürli ugurlarda netijeli we işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagyň hukuk binýadyny emele getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz soňky wagtda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň yzygiderli häsiýete eýedigini aýdyp, Eswatininiň Patyşasy Mswati III-niň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Eswatininiň Patyşasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça netijeli pikir alşandyklaryny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Rassel Dlamininiň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Eswatini tarapynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi