

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip, Türkmenistana gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Waagn Haçaturýanyň bu forumyň işine gatnaşmagynyň onuň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygynyň, parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, dünýä derejesinde ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýandygyny aýtdy.
Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, bu forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol Türkmenistanyň gözel tebigatynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny belläp, ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de ermeni tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş taryhynyň möhüm senesi — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigine ünsi çekdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Waagn Haçaturýanyň ýurdumyza saparlarynyň hem-de Türkmenistanda geçirilýän möhüm çärelere gatnaşmagynyň Ermenistanyň açyk, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi hem-de Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Baştutany bilen geçiren netijeli gepleşiklerini ýatlady. Bu gepleşikler özara düşünişmegi çuňlaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin zerur şertleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamak we eksport-import amallaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.