icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 dekabr 2025

969

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumynyň parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli meýdança hökmündäki ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary komissaryň edarasy, Demokratik edaralar we adam hukuklary boýunça býurosy we Habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly institutlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşendigi nygtaldy.

Duşuşykda bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi