icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

03 noýabr 2016

1013

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara  türkmen-katar toparynyň ikinji mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 2-3-nji noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletinde iş saparynda boldy.

2-nji noýabrda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary işler ministrleri derejesinde syýasy-geňeşmeleri geçirildi.

3-nji noýabrda Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Toparyň türkmen we katar taraplaryndan başlyklary duşuşygy açyp, häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek üçin  mäkäm binýady döredendigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, topara gatnaşyjylar şu günki  mejlisiň Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky günsaýyn ösýän gatnaşyklaryň birnäçe ugurlary, ýagny ýangyç-energetika, maliýe-bank, söwda-ykdysady, senagat, şol sanda dokma senagaty we tekstil önümleri, ulag, sport, ylym, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ikinji mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça Tesriwnama gol çekildi.

Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani bilen hem duşuşyk geçirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi