icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

13 dekabr 2025

1664

Türkmenistanyň we Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara we Halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Somali Federatiw Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Abdisalam Abdi Ali türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara we pudagara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýykdygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Somaliniň ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerine bolan çemeleşmeleriniň meňzeşligi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Abdisalam Abdi Aliniň şu saparynyň Türkmenistan bilen Somali Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi