icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

13 dekabr 2025

1653

Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri türkmen tarapyny ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlap, Halkara forumyň ynanyşmak medeniýetini ösdürmek hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ähmiýetli meýdança bolandygyny belledi.

Taraplar ýokary derejedäki syýasy dialogyň we aragatnaşyklaryň iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň meýdançasynda geçirilen duşuşyklary bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda dialogy ýola goýmagyň zerurlygy bellenildi.

Söhbetdeşler halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan özara ygrarlylygyny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi