icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 dekabr 2025

1638

ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suý bilen duşuşygy geçirildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary ýurduň bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça umumy maksatlara ýetmäge uly goşant goşan ýokary derejedäki wekilçilikli forumyň ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini bellediler. Şeýle hem «Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty» hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu çözgüt şu ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki gün tertibiniň anyk ugurlary boýunça pikir alyşyp, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirirmegiň amaly ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda, şeýle hem maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak babatda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn ygrarlylyk tassyklanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi