icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

15 dekabr 2025

1803

Türkmenistanyň DIM-de Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Neda Bergeriň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine goşýan uly şahsy goşandy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän geljekki meýilnamalar we taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelerde işjeň gatnaşandygy üçin hanym Bergere türkmen tarapy tarapyndan minnetdarlyk bildirildi.

Şeýle-de hanym Berger onuň hormatly sylaglary mynasybetli türkmen tarapynyň gutlaglaryny uly hoşallyk bilen kabul etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi