icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

11 dekabr 2017

733

Türkmenistanyň DIM-de UNAMA-nyň departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) syýasy departamentiniň  direktory Skot Seward Smit bilen duşuşyk geçirildi.

 Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin  hyzmatdaşlyga we Owganystanyň territoriýasynda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda durmuşy zerur taslamalary amala aşyrmak boýunça kabul edilen amaly ädimlere ünsi çekdiler. Şeýle hem Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek we dawalary parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrmaklygyň meselelerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň usullaryna seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebitleýin we sebitara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagy, şeýle hem ulgamlaýyn ýollaryň üsti bilen bilimleri we maglumatlary alyşmak üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi