

2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Endo Toşiaki belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, soňky ýyllarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli syýasy dialogyň netijesinde täze derejä çykandygyny belledi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle-de ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Endo Toşiaki Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Parlamentara dostluk toparlarynyň yzygiderli duşuşyklary kanun çykaryjylyk edaralarynyň arasyndaky işjeň we netijeli özara hereketleriň aýdyň mysalydyr.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň esasy guraly hökmünde parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentara forumyny geçirmek barada öňe süren başlangyjynyň ähmiýetine üns çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini aýdyp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny belledi.
Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgama, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ugurlaryna möhüm orun degişlidir.
Endo Toşiaki parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan işiniň kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak bilen bir hatarda, ykdysady taslamalary, medeni-ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirmäge, halkara giňişlikde tagallalary utgaşdyrmaga hem ýardam berýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki däp bolan dostlukly türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.