icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

08 ýanwar 2026

365

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar şu ýylyň dowamynda ýokary döwlet derejesindäki saparlary we duşuşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň özara saparlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy geňeşmeleriň deslapky gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we onuň indiki mejlisini ýakyn wagtda geçirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda geljekki duşuşyklarda we saparlarda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna hem seredilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi