icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

21 ýanwar 2026

220

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Syýasy-diplomatik gepleşikleri we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, taraplar ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary we saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ulag ulgamy boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar hünär bilimi ugrundaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem aýratyn üns berdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi