icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

12 dekabr 2017

856

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary duşuşdy

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi özüniň döredileniniň 10-ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap Merkezi Aziýa döwletleriniň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny gurnady.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasyny, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleri we ministrleriň orunbasarlary gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnanan resmi adamlara ýüzlenip, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German umumylykda BMG, hususan-da Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi sebitleýin hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine we öňüni alyş diplomatiýasyny sebitde ähli ugurlarda ulanmak üçin mümkinçilikleriň ösýändigine hoşallygyny bildirýärler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany öz çykyşynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işi şu günki gün dünýäde uly gyzyklanma eýe bolýar, halkara bileleşiginiň sebitde uzak möhletleýin parahatçylygy, durnuklylygy we önjeýli ykdysady hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen giň köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmaga bolan ymtylmasyny görkezýär diýip belledi. Ol Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezine uly ýardam bermäge we onuň abraýyny we ornuny berkitmäge çalyşjakdygyny nygtady.

Duşusygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlaryna sebitdäki wehimlere we howplara garşy durmakda ýardam etmäge gönükdirilen Merkeziň 2018-2020 ýyllar üçin Hereketler maksatnamasyna özleriniň goldawyny bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi. Onda BMG-niň Baş Assambleýasynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň  orny baradaky 72/7 belgili Kararnamasyna hoşallyk bildirilýär we Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygyň gurallaryny we sebitleýin dialogy berkitmegiň wajyplygy aýdylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi