

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Mahamud Adam Beşir bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Soňra taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň köptaraplaýyn meýdançalardaky gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi bellenildi. Hususan-da, taraplar BMG-niň çäklerinde başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.