

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde Ykdysady forum öz işine başlady.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar.
Gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmaga mümkinçilik berýär.
Açylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Gutlagda Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän Ykdysady forumyň Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtalýar.
Soňra forumyň plenar mejlisi geçirildi.
Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň SPECA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini nygtadylar. Häzirki zaman şertlerinde bu maksatnama Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa yklymynda iň çalt ösýän ulag-logistika we energetika merkezleriniň birine öwürmäge ýardam berip, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Çykyş edenler Türkmenistanyň alyp barýan ulag diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmegi, üstaşyr geçirmek amallarynyň ýeňilleşdirilmegi diňe bir sebitiň döwletleriniň däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň hem bähbitlerine laýyk gelýär.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, sebit arabaglanyşygynyň, hususan-da, energetika, ulag, söwda ýaly esasy ugurlarda özara baglanyşygyň pugtalandyrylmagy häzirki ählumumy geosyýasy we geoykdysady şertlerde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistan SPECA ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň agzalan düzüme girýän ýurtlar bilen özara haryt dolanyşygynyň artmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sanly geçiş we innowasion ösüş meselelerine aýratyn orun berildi. Mejlise gatnaşyjylar gümrük, söwda amallaryna BMG-niň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Maýa goýum meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde mejlise gatnaşyjylar SPECA-nyň köphyzmatdaşly gaznasyny döretmegiň ähmiýetini bellediler.
Ekologik durnuklylyk, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak meselelerine hem üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar ykdysady ösüşiň inklýuziw häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdiler.
Plenar mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de netijeli dialoga döredilen şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Aşgabatda kabul ediljek çözgütleriň SPECA formatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ýolgörkeziji boljakdygyna ynam bildirdiler.
Soňra forum öz işini «Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Çykyşlarda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm halkasy hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň eýeleýän ornuna üns çekildi.
«Ýewraziýa ulag baglanyşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özara ulag baglanyşygy» atly mejlisde multimodal ulag geçelgelerini amatlylaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, milli ulag ulgamlarynyň SPECA-nyň bitewi ulgamyna birleşdirilmegi üstaşyr ýük akymlarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Soňra forum «Durnukly ösüş üçin strategik garaýyş» atly mejlis bilen dowam etdi. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmegiň integrirlenen çemeleşmelerini işläp taýýarlamak meselelerine üns berildi.
Forum 22-nji ýanwarda öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam eder.