

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň UNECE bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, ulag-üstaşyr özara baglanyşyklylygy we sebit integrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy UNECE-niň mandatyna ygrarlydygyny tassyklap, Komissiýanyň BMG-niň ählumumy çözgütlerini sebit derejesinde durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen UNECE-niň 71-nji sessiýasyna ýokary derejede gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşykda durnukly energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem durnukly we howpsuz ulag geçelgelerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleriniň, hem-de 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu ugurda UNECE esasy sebit hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde garalýar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.