

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarpyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, durnukly ösüş, ulag we energetika, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, şeýle hem SPECA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň netijelerine oňyn baha berdi.
Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) we degişli forumlarynyň işine işjeň gatnaşmaga ygrarlydygy bellenildi. Duşuşykda sanlylaşdyrma, kagyzsyz söwdany ösdürmek, «Bir penjire» ýörelgesini ornaşdyrmak, şeýle hem UNESCAP-yň institutlary bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy UNESCAP-yň ýurduň halkara we sebit başlangyçlaryny, şol sanda durnukly ösüşe we daşky gurşaw meseleleriniň, şol sanda Aral deňziniň howdany bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine gönükdirilen çözgütleri goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda sebitiň durnukly ösüşiniň bähbidine Türkmenistanyň we UNESCAP-yň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.