icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

26 ýanwar 2026

239

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bähbidine köpýyllyk netijeli dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy we saglygy baradaky aladanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Türkmenistanyň Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine üns berildi. Nygtalyşy ýaly, gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, durmuş goldawyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekili Türkmenistanyň eneligi we çagalygy goramak babatda başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyp, gazna bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Türkmenistanyň bu ugurda toplan tejribesiniň giň halkara ykrarnamasyna mynasypdygy bellenildi.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde Ähtnamanyň bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak babatda täze gözýetimleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ösüp gelýän ýaş nesliň abadan durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen bu resminamany ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler barada hem durlup geçildi. Geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar ynsanperwer meseleleriň giň toplumy boýunça ýakyn dialogy dowam etdirmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramak babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigine ünsi çekdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi bu ugurda döwlet kepilliklerini iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi